loading

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde welaýat Polisiýa müdirliginiň guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa kümüş saçly eneler, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, talyp gyzlar gatnaşdylar. Ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän asylly edim-gylymlary wagyz etmek, zenan terbiýesi baradaky milli ýörelgelerimize aýratyn ünsi çekmek maksady bilen geçirilen çärede gyz edebi güle deňelýän ýurdumyzda ylymda, bilimde dünýä nusgalyk beýik işleriň amala aşyrylýandygy, ýaşlaryň edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin bimöçber tagallalaryň edilýändigi, edepli, terbiýeli, mylakatly gelin-gyzlarymyzyň görüm-göreldäniň nusgasy bolmak bilen, öý-ojagyň abraýydygy barada gürrüň edildi. Döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň ýaşlaryň hemişelik ýankitaplaryna öwrülendigi buýsanç bilen nygtaldy.

Habarlar