loading

Gül- gunça beslenip gelen ajaýyp baharyň täsiri ynsan durmuşynda özgertmeleri döredýän bolsa, akyldar atamyz, söz ussady beýik Magtymguly Pyragynyň

Gelse nowruz äleme reň kylar jahan peýda,

Ebirler owaz urup dag kylar duman peýda

 diýen ajaýyp goşgusynda baharyň gelmegi bilen türkmen topragynyň ajaýyplylygy, gözelligi ynsany biparh goýman ruhy galkynyşa iterýändigini beýan edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen depginli ösýän döwründe medeniýete, sungata aýratyn sarpa goýýan Arkadagymyzyň hut özüniň halypalyk etmeginde her bir sungat işgärlerine döredijilikli işlemäge giň ýol açyldy. Mähriban Arkadagymyzyň „Türkmenler dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni- ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir“ diýen ajaýyp pähminden ugur alyp pederlerimiziň miras goýan däp-dessurlarynyň üstüni täze tapyndylar bilen dolduryp  beýan etmeklik ugrunda gözlegde bolýan Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň işgärleri hem Watanymyzyň ösüşini, onuň dünýädäki abyraýyny has-da belende götermek üçin teatr sungatynyň üsti bilen wagyz etmekde önjeýli işleri alyp barýarlar. Munuň şeýledigini bolsa teatryň sahnasynda we welaýatymyzyň çäginde geçirilýän medeni köpçülik çärelerinde aýdyň görmek bolýar. Ýakynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň „Düýedaş“ ýaýlasynda „Nowruz“ baýramçylygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, „Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany“ ýylymyzy, Watany, onuň ösüşlerini, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyzlygymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ösdürmekde dünýä derejesinde alyp barýan rowaçly işlerini wasp  edýän teatrlaşdyrylan edebi sazly kompozissiýalar bilen çykyş etmekleri muňa şaýatlyk edýär. Arkadagymyzyň içerki we daşarky syýasatlarynyň gaýragoýulmasyz işleriniň durmuşa geçmeginde teatr sungatynyň üsti bilen wagyz işlerini alyp barýan teatr işgärlerimiz Gahryman Arkadagymyzy alkyşlap onuň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Habarlar