loading

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda — bahar keşbi bilen göwünleri ganatlandyrýan Sumbar jülgesinde ak öýleriň owadan hatarlaryndan emele gelen türkmen obasynda guralan toý dabarasy ýatda galyjy şatlyk-şowhuna beslendi.

  Baýramçylyk ýörişi dabaranyň şowhunly çäreleriniň badalgasyna öwrüldi. Ýörişe gatnaşyjylary toý çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylan ýeri bolan türkmen obasynda jarçynyň Milli bahar baýramyna çagyrýan joşgunly sesi hem-de şirin aýdym-sazlaryň hoş owazy garşylady. Bu ýerde halkymyzyň milli baýramy toýlamakda gadymdan gelýän toý dessurlary özboluşly şöhlelendirildi.

  Bezemen baýramçylyk sahnasynda welaýatymyzyň tanymal bagşy-sazandalary, estrada aýdymçylary, halk döredijilik we tans toparlary, welaýat döwlet drama teatrynyň sahna ussatlary öz halkyny baky bahara ýetiren Arkadag Prezidentimiziň beýik tutumlaryny, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar durmuşymyzy, bahar paslyny wasp etdiler.

Habarlar