loading

Tomusky dynç alyş möwsüminiň badalga almagy bilen, gojaman deňziň kenarynda ýerleşýän Hazar şäherindäki «Gara Altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi çagalary şatlykly we dabaraly garşylady. Bu ýerde dynç almak we wagtyňy şatlykly geçirmek üçin ähli şertler bar.

Çagalar medeni çärelere, dürli bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna höwes bilen gatnaşýarlar. Dürli çäreler çagalary birek-birek bilen dostlaşdyrýar. «Gara Altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň mawy deňziň kenarynda ýerleşmegi onuň artykmaç tarapydyr. Deňziň jana ýakymly howasy, haýwanat dünýäsi körpeleriň dynç alşynyň has gowy geçmegine ýardam berýär.

Habarlar