loading

Balkan welaýatynyň gallaçylary döwlete bugdaý tabşyrmak barada şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirip, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Şu mynasybetli Serdar şäher medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirildi. Onda ussat gallaçylar, mehanizatorlar, awtoulag sürüjileri, ýaşulular çykyş edip, welaýatyň oba zähmetkeşlerini gazanan ýokary zähmet üstünlikleri bilen gutladylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda welaýatyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Ussat aýdymçylar, bagşy-sazandalar, çeper höwesjeňler, talyp ýaşlar edermen babadaýhanlaryň zähmet üstünlikleriniň, rysgal-berekedimiz bolan ak bugdaýyň waspyny belentden ýetirdiler. Dabarada galla oragy möwsüminde ýokary netijeleri gazanan öňdebaryjy gallaçylara, mehanizatorlara we awtoulag sürüjilerine sowgatlar gowşuryldy.

Habarlar