loading

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli Balkan welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň bilelikde gurmaklarynda «Gahrymanlar bakydyr» ady bilen dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyk mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş edenler edermenligiň nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzyň şöhratly söweş ýollary barada gürrüň berdiler, ýaşlara watansöýüjilik ýörelgesini öz ömürleriniň manysyna öwürmelidiklerini ündediler. Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy.

Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda tylda zähmet çeken weteranlara, kümüş saçly enelere jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary we gül desseleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Habarlar