loading

Enelere dünýäniň diregi, dünýäniň durky, görki- görmegi diýilip ýöne ýerden aýdylmandyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow „Enä tagzym- mukaddeslige tagzym“ atly kitabynda: „Ene“ diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe „Söýgi“ diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar“ diýip mährem eneleriň mertebesini belent derejä galdyrýar.

             Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 213 a ýaşaýyş jaý toplumynda täze ýaşaýyş jaýynyň Hormatly Prezidentimiziň adyndan „Ene mähri“ diýen hormatly ada mynasyp bolan enä gowşurylmagy biziň Watanmyzda enelere edilýän hormatyň has-da beýikligini aýdyňyllygy bilen görkezýär.     Balkanabat şäherinde dabaraly bellenen bu medeni köpçülik çäresinde medeniýet, sungat işgärleri bilen bilelikde Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik işgärleriniň „Enä tagzym- mukadeslige tagzym“ ady bilen görkezen teatrlaşdyrylan edebi sazly  kommpozissiýasy halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Häzirki döwürde ümzügi ileri teatr döredijilik işgärlerimiz Mähriban Arkadagymyzyň jöwher pähminden dörän „Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi“ we beýleki kitaplaryndaky çuňňur many-mazmunly rowaýatlardan, maglumatlardan gollanma hökmünde peýdalanyp  sahna oýunlary bilen yzygiderli çykyş edýärler. Teatrymyzyň döredijilik işgärleri çuňňur many-mazmunly eserleri üçin Mähriban  Arkadagymyza egsilmez alkyşlaryny aýdýarlar. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp toý sowgatly barmak üçin şu günlerde has-da önjeýli işleri amal edýän  teatr döredijilik işgärleri ynamly, tutanýerli zähmet çekýärler.

Medeniýet hem-de  sungat işgärlerine uly sarpa goýýan, olar üçin hemme şert- mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.

Habarlar