loading

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Türkmennebit” DK-niň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde tassyklaşan düzgünnamasy esasynda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek, milli däp-dessurlarymyza, ene-mamalarymyzdan gelýän el işlerine söýgi döretmek, olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen Milli Bahar baýramy mynasybetli “El hünäri-il gezer” ady bilen milli el işlerini ýerine ýetirmek boýunça talyp gyzlaryň arasynda  sergi bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde ýeňijilere we bäsleşige işjeň gatnaşan gelin-gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan hormat  hatlary  we ýadygärlik sowgatlary  gowşuryldy.

Habarlar