loading

Ekizler Hesel bilen Gözel Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synpynda okaýarlar. Olar çagalar çeperçilik mekdebine gatnap, mugallym Baýram Hydyrowdan nakgaşçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenýärler. Doganlar barha kämilleşmek bilen. Köpleriň «berekellasyna» mynasyp bolan suratkeşleriň nakgaş eserleriniň birnäçesi häzirki wagtda Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň girelge zalyny bezeýär. Heseliň «Garaşsyz, baky Bitarap Watanym», «Bitaraplygyň owazy», «Bagtyýar çagalar», Gözeliň bolsa «Bagtyýarlygyň owazy», «Türkmen gelni», «Meniň gözel Diýarym» atly nakgaş işlerini synlanyňda, olaryň sungata bolan garaýşynyň üýtgeşikdiginiň, özboluşly sungat eserlerini döretmeklige ýykgyn edýändikleriniň şaýady bolýarsyň. Heseliň we Gözeliň nakgaş eserleri bilen dürli ýyllarda şäher, welaýat hem-de döwlet derejelerinde geçirilen bäsleşiklere gatnaşyp, Hormat hatlaryna, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary olary has-da yhlasly okamaklyga, öwrenmeklige, täzeden-täze eserleri döretmeklige ruhlandyrýar. Bizem ýaş suratkeşlere uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris. 

Habarlar