loading

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen döredijilik duşuşygy «Erer ol erkin mydam, budur ki türkmen binasy» diýlip atlandyryldy. Oňa muzeý,  kitaphana işgärleri, ýerli şahyrlar gatnaşdylar.

Döredijilik duşuşygynda her setiri nakyla öwrülen şahyryň ömri we döredijiligi,   medeniýetimiziň we sungatymyzyň ýeten derejeleri barada buýsançly söhbet edildi. Şahyrlaryň şygyrlarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň, medeniýetimiziň, sungatymyzyň, Magtymguly  Pyragynyň, waspy ýetirildi. Soňra muzeý gymmatlyklarynyň we el işleriniň sergisine syn edildi.

Habarlar