loading

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň  Balkan welaýat tapgyry geçirildi. Balkanabat şäheriniň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda geçirilen bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar.

         Bäsleşikde Balkanabat şäherindäki 21-nji orta mekdebiň mugallymy Nurtuwak Soltyýewa we Türkmenbaşy şäherindäki 10-njy orta mekdebiň mugallymy Ogulgül Hatamowa birinji orna mynasyp boldular hem-de onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Habarlar