loading

Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň guramagynda «Dil bilen — dana» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Oňa Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdepleriň 9-11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşikde mekdep okuwçylary «Ak şäherimiz — Aşgabat» diýen tema boýunça öz taýýarlan iňlis dilindäki wideoroliginiň mazmunyny beýan etdiler. Bije arkaly eminler topary tarapyndan taýýarlanan temalar boýunça düzme ýazmakda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Taýýarlanan soraglara jogap berdiler. Netijede, Balkanabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ahmet Gazakbaýew birinji, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Çynar Mämmedowa ikinji, şol mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Uzakberdi Jumaşow üçünji orunlara mynasyp boldular. Olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Habarlar