loading

Aýbölek çagalykdan halyçylyk sungatyna höwes etdi. Bu höwesi orta mekdebi tamamlanyndan soň, ony Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň gapysyndan eltdi. Ýaş halyçy işine jany-teni bilen ýapyşdy, halypalardan öwrendi, her bir işiniň kemini-köstüni goýmazlyga çalyşdy. Şeýdibem, öz işine barha kämilleşdi. 31 ýyl bäri şu kärde işleýän Aýbölek Babaýewanyň özi bu gün halypalyga  ýetişdi. Ussat halyçynyň kärhanada abraý-hormaty uly.

Şu ýyl Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde halyçynyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.

Ussat halyçy zähmetine berlen ýokary baha üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdýar. Ýokary sylag meni täze üstünliklere ruhlandyrýar. Geljekde has-da gaýratly zähmet çekip, halyçylyk sungatyny ösdürmekde, ökde şägirtleri ýetişdirmekde yhlasymy gaýgyrmaryn — diýip, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Aýbölek Babaýewa gürrüň berýär.

Habarlar