loading

Balkan welaýat kitaphanasy hem-de Balkanabat şäherindäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlap, «Çeper elleriň gudraty» atly çäre geçirdiler. Çärede halylary we haly önümlerini dokamakda, ene-mamalarymyzdan miras bolup gelýän bu gadymy hünäri kämilleşdirmekde, döwrebaplaşdyrmakda, ýaş nesillerimize öwretmekde, şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda örän uly işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda gürrüň edildi. Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň haly gurnagynyň okuwçylarynyň ajaýyp halylarymyzy wasp edýän goşgulary labyzly okamaklary çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň okuwçylarynyň el işlerinden gurnalan sergä syn etdiler.

Habarlar