loading

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Balkan welaýatynyň bagtyýar çagalary dynç almak üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Balkan», Serdar şäherindäki «Dürdäne», Hazar şäherindäki «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ugradylar.

Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet, Baş bilim müdirlikleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň guramaklarynda bagtyýar çagalary sagaldyş we dynç alyş merkezine ugratmaga bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çärede zehinli çagalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.

Soňra döwrebap bezelen awtobuslar Serdar şäheriniň çäginde ýerleşýän «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine ýola düşdi. Bu ýerde bagtyýar körpeler mähir bilen garşy alyndy. Merkeziň öňünde aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Welaýatymyzyň dürli künjeginden gelen şadyýan çagalar merkezde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Olar körpe nesil barada edýän atalyk aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar!

Habarlar