loading

Serdar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň uçurymlary milli däp-dessurlarymyzy, gymmatlyklarymyzy, durmuş wakalaryny, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, dost-doganlygy çeper beýan edýän eserleri bilen toýlarymyza sowgatly barýarlar. Ýaşajyk suratkeşleriň gutardyş işlerinden mekdebiň sergiler jaýynda guralan sergisi okuwçylaryň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe baýramçylyk sowgady boldy. Onda mekdebi tamamlan okuwçylaryň, esasan, iki ugurdan, ýagny nakgaşçylyk hem-de zergärçilik ugry boýunça gutardyş synag işleri görkezildi. Ýaş suratkeşleriň yhlas bilen  döreden eserleri olaryň mugallymlarynyň çeken azabynyň ýerine düşendigini subut edýär.

Habarlar