loading

Balkan welaýat häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Balkanabat şäherindäki «Altyn nur» dynç alyş merkezinde guralan «Biz — bagtyýar çagalar» atly aýdym-sazly çäre Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlandy. Bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini ýatdan çykmajak günlere beslemek maksady bilen geçirilen çärede körpeler aýdym aýtdylar, goşgy okadylar, gyzykly oýunlara gümra boldular, gezelenç etdiler. Soňra çagalar şäheriň merkezi seýilgähinde asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça bäsleşige gatnaşdylar. Olaryň çeken suratlarynda Türkmenistan Watanymyz, tebigat gözellikleri, bagtyýar çagalyk wasp edildi. Welaýat kitaphanasyna hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guralan gezelenç hem çagalarda ýakymly täsir galdyrdy. 

Habarlar