loading

Esenguly etrabynyň Ajaýyp obasynyň ýaşaýjysy Hally Esenow 100 ýaşady. Uruş hem zähmet weteranyny onuň döwletli ojagynda tutulan şowhunly dabarada obadaşlary, dogan-garyndaşlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri doglan güni bilen gyzgyn gutladylar. Gowgaly günleriň şaýady, bagtyýarlyk döwrümiziň ýaşulusy Hally aganyň bir gyzy, iki ogly, on bäş agtygy, on ýedi çowlugy bar. Ol — uly hormatyň eýesi, köpleriň geňeşdary. Ýüz ýyllyk menzili yzda galdyrandygyna garamazdan, tüweleme, ýeňil gopýar. Hally aga sagdyn bolmak üçin, zähmetden gaçmaly däldigini, köpräk hereketde bolmalydygyny nygtaýar. Ajaýyp döwrümiziň bagtyýar gojasy asuda, abadan Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza guwanyp, buýsanyp, şu döwletli döwranyň gadyryny bilmegi ýaş nesle hemişe wagyz-ündew edýär.

Habarlar