loading

Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Balkanabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän bilim işgärleriniň arasynda «Magtymguly Pyragy — ynsan kalbynyň öçmejek nury» ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde şäherdäki iňlis dili, fizika we matematika okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň mugallymy Arazgül Meredowa birinji, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy Nurana Agabaýewa ikinji orunlary eýeläp, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Habarlar