loading

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda beýik ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, TMG-nyň Balkan welaýat geňeşi, bilen bilelikde gurnamaklarynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde  Beýik watançylyk urşynda tylda zähmet çeken weteranlaryň, harby gullukçylaryň, tälimçileriň, TMG-nyň Balkan welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň gyzylýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Dabarabyň dowamynda çykyş edenler beýik watançylyk urşyna gatnaşyp watan üçin söweşen we tylda zähmet geçen wetaranlarymyz halkyň hakydasynda ebedilik galar diýip gelläp  geçdiler şeýle-de Beýik watançylyk urşynda tylda zähmet çeken weteranlara TMG-nyň Balkan welaýat geňeşiniň sowgatlary gowşuruldy we aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňladyryldy. Dabaranyň ahyrynda dabara gatnaşyjylar şular ýaly baýramçylyklarymyzy döwlet derejesinde bellemäge giň ýol açyp berýän Gahraman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Habarlar