loading

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Balkan welaýat müdirligi, Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, Balkanabat şäheriniň Arassaçylyk we Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy bilen bilelikde tassyklaşan düzgünnnamasy esasynda Balkan welaýatyndaky ýokary okuw, orta hünär  we  başlangyç  hünär mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri” ady bilen sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryşy geçirildi. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara we talyplara “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Balkan welaýat müdirligi tarapyndan hormat hatlary  we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary  gowşuryldy.

Habarlar