loading

Balkanabat şäherindäki ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan talyp ýigitleriň arasynda welaýat medeniýet müdirligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly bäsleşik geçirildi.  Bäsleşigiň şertine görä, talyp ýigitler saýlap alan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyşda beýan etdiler. Türkmen ýigidine mahsus ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk ýaly häsiýetleri açyp görkezýän sahna eserlerini ýerine ýetirdiler. Aýdym, şorta söz aýtmakda, goşgy okamakda ýerine ýetirmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Netijede, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Güýçberdi Derwaýysow birinji, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Işangeldi Annaýew ikinji, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby Agöýli Annageldiýew üçünji orunlara mynasyp boldular. 

Ýeňijilere Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Habarlar