loading

Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, Balkan welaýat, Balkan welaýatynyň polisiýa müdirligi, Balkanabat şäher polisiýa bölümi, Balkan welaýatynyň Baş bilim müdirligi, TMÝG-nyň Türkmennebit döwlet konserniň şahamçasy bilen bilelikde gurnamaklarynda Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirlen 23-nji orta mekdebinde mekdebiň okuwçylarynyň  arasynda „Berkarar döwletim-bagtyýar döwrüm, Arkadag saýaňda uzaýar ömrüm” atly bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Maslahatda çykyş edenler mekdep okuwçylarynyň ýollarda özlerini howpsuz alyp barmaklary, ýol hereketiniň kadalaryndaky talaplary hukuk-kadalarynyň düzgünleri bozulan ýagdaýyndaky jogapkärçilikler we ýol hereketine degişli beýleki kadalaşdyrjy namalar, Ýaşlaryň zyýanly daşda durmaklygy, zyýanly endikleriň adam saglygyna ýetirýän zyýany, sanly tehnologiýa ulgamyndan we innowasion serişdelerden peýdalanmagyň giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler türkmen sportynyň hak howandary mähriban Arkadagymyzyň  janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny tüs ýürekden arzuw etdiler.

Habarlar