loading

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli welaýat häkimliginiň guramagynda dabaraly çäre geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen çärede buýsançly çykyşlara giň orun berildi.

Olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynyň şöhratly täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýandygy, 2021-nji ýylyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň uly dabaralara, ýurdumyzy ösdürmek boýunça öňde goýlan maksatlaryň rowaçlyklara beslenjek ýyly boljakdygy nygtaldy.

Maslahatda bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Öňde durýan wezipeler kesgitlenip, olary durmuşa geçirmäge, zähmet çekmäge, döretmäge ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Habarlar