loading

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Bereket şäherinde gurlup, işe girizilen ýod önümçiligi kärhanasynda öndürilýän önümler müşderileriň durnukly artýan isleglerinden peýdalanýar. Dünýä ylmynyň iň soňky gazanan enjamlary ornaşdyrylan kärhananyň bu ýerde gurulmagy ýurdumyzyň günbatar sebitinde gymmatly çig mal bolan ýoduň uly gorlarynyň jemlenenligi bilen berk baglanyşyklydyr.

Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda ýodly galamlaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny, diş serişdeleriniň bolsa 500 müňüsini öndürmäge mümkinçilik berýär. Geçen ýylda bu ýerde şeýle önümleriň 6 million 541 müň manatlyga golaýy öndürilip, 110 göterim ösüş gazanyldy.

Habarlar