loading

Mawy deňzi jähekläp oturan Türkmenbaşy şäheriniň seýilgähinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatyň etraplarynda we şäherlerinde geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolan on aýdymçy gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşanlar häzirki zaman we halk aýdymlaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Olarda bagtyýarlyk döwrümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň, gözel tebigatymyzyň waspy ýetirildi. Bäsleşik ökdeden ökdäni saýlady. Ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärlerinden, aýdymçylaryndan ybarat bolan eminler topary Magtymguly etrap medeniýet merkeziniň aýdymçysy Gurbangeldi Baýramdurdyýewi we Esenguly etrap medeniýet merkeziniň aýdymçysy Dörtguly Kerimowy ýeňijiler diýip yglan etdiler. Olara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, gül desseleri gowşuryldy. Bäsleşigiň ýeňijileri onuň ýurdumyz boýunça geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Habarlar