loading

Balkan welaýat häkimliginde «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sylaglary we sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu ýere ýygnananlar «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleri sylaglary we sowgatlary bilen gutladylar hem-de olaryň janynyň sag, ömrüniň uzak, maşgalasynyň abadan bolmagyny arzuw etdiler.

Soňra hormatly ada mynasyp bolan eneleriň ikisine Balkanabat şäherinden we Esenguly etrabynyň Bugdaýly obasyndan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmaklyga bagyşlanan dabara geçirildi.

Dabaralarda belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň, mährem enelerimiziň, bagtyýar durmuşymyzyň waspy ýetirildi. «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneler mähriban Prezidentimize ýürekden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Habarlar