loading

Gazagystan Respublikasynyň Ylym we bilim ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 7 — 12-nji ýanwary aralygynda onlaýn görnüşinde matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XVII Halkara Žautykow olimpiadasy geçirildi.

Bäsleşige Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Musa Artykow fizika dersi boýunça gatnaşyp, üçünji orna — bürünç medala mynasyp boldy. Ony bäsleşige mekdebiň fizika mugallymy Yhlas Apbasow taýýarlady.

Ýeri gelende aýtsak, zehinli okuwçy 2019-njy ýylda hem Hindistan döwletiniň Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara olimpiadasynda hem baýrakly orny eýeläpdi. — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesliň ukyp-başarnygyny, zehinini açyp görkezmäge ähli şert-mümkinçilikler bar.

Geljekde hem bu ajaýyp şert-mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmäge çalşaryn — diýip, Musa Artykow gürrüň berýär.

Habarlar