loading

Balkanabat şäherinde her biri 36 hojalyga niýetlenen, dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň dabaraly ýagdaýda ulanyşa berilmegi Gahryman Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanýan ynsanperwer syýasatynyň welaýatymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlaryny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki demir-beton önümleri kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Welaýat merkeziniň günbatar tarapynda, Galkynyş köçesiniň ugrunda gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda çykyş edenler ýaşaýyş jaýlarynyňşähergurluşygynyň hem-de häzirki zaman binagärliginiň iň öňdebaryjy talaplaryna laýyk gelýändigini, onuň ýaşamak üçin ähli oňaýlyklary özünde jemleýändigini buýsanç bilen bellediler.

Dabaranyň dowamynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar, öý eýelerine bolsa jaýlaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Täze jaýlarda ýaşamak bagtyna eýe bolan raýatlar özleri barada, halkymyz hakynda edýän bimöçber aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Habarlar