loading

Balkanabat şäherinde ýerleşýän hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Batly gadam» hususy kärhanasynyň ýüplük öndürýän fabriginde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýy mynasyp iş netijelerine beslenýär.

Fabrikde ähli işler awtomatlaşdyrylan usulda ýola goýlup, enjamlaryň önümçilik kuwwaty her aýda 450 tonna barabar ýokary hilli ýüplükleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi bölümiň ýyllyk önümçilik kuwwatynyň 5 müň 400 tonna ýüplüge barabardygyny tassyklaýar.

Kärhanada her günde 5 tonnadan gowrak ýüplükler dürli reňkler bilen boýalyp, olardan her günde jorap önümleriniň dürli görnüşleriniň 5 müň jübüde golaýy öndürilýär. Jorap önümçiligi bölüminiň ýyllyk önümçilik kuwwaty 18 million jübüt jorap we jorap önümlerine barabardyr. Munuň özi türkmen pagtasyndan öndürilýän ýokary önümleri diňe bir içerki sarp edijilere däl, eýsem, belli bir möçberde daşarky bazarlara çykarmaga hem mümkinçilik berýär.

Habarlar