loading

Täze ýyla gadam basdyk Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanyljak ýyly bolan täze ýylyň ilkinji gününiň dabarasy welaýat merkeziniň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet senamyzyň ýerine ýetirilip, ýaşyl Tugumyzyň ýokary galdyrylmagy bilen badalga aldy.

Bu ýerde tanymal sungat wekilleriniň joşgunly aýdym-sazlaryna, milli tanslaryna giň gerim berildi. Göwünlere joşgun berýän şirin aýdym-sazlarda Täze ýylyň, “Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ynsanperwer maksat-tutumlarynyň, Arkadag Prezidentimiziň peşgeş beren bagtyýarlyk döwrüniň waspy belentden ýetirildi. Şunuň ýaly ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenen Täze ýylyň baýramçylyk dabaralary welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem guramaçylykly geçirildi.

Habarlar