loading

Welaýat döwlet drama teatrynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli welaýat medeniýet müdirliginiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi.

Sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň gerim berlen dabarada «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň, milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda öňde durýan belent tutumlaryň waspy uly joşgun bilen ýerine ýetirildi.

Welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşylar, dutarçylar toparlarynyň çykyşlary hem tomaşaçylara egsilmez ruhy lezzet paýlap, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz mähriban halkyny eşretli durmuşyň eýesi eden Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri olaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Habarlar