loading

Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň jogapkär işgärleri Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen welaýatlaryň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly guralan hoşallyk maslahatyna gatnaşdylar. Ol 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde ýurdumyzyň türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň, silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy barada hormatly Prezidentimize Halkara agyr atletika federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar bilen baglanyşykly boldy.Maslahatda ildeşimiziň sportda gazanan üstünliginiň bagtyýarlyk döwrümizde türkmen sportunyň abraýynyň täze belentliklere göterilýändiginiň aýdyň kepili bolandygy buýsanç bilen nygtalyp, ýurdumyzyň sport ulgamyny ösdürmekde öňde duran wezipeler barada gürrüň edildi.

Habarlar