loading

Balkan welaýat kitaphanasynda welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda brifinggeçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetl geçirilen brifingde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli ulgamlarda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilendigi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy belleniljek üstümizdäki ýylda hem eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda tutumly işleriň durmuşa geçiriljekdigi, uly üstünlikleriň gazanyljakdygy barada buýsanç bilen nygtap geçdiler. Brifinge gatnaşanlar özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sorag-jogap alyşdylar.

Habarlar