loading

Hemmeleriň uly söýgi bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli welaýat döwlet drama teatrynda aýdym-saza beslenen çäre geçirildi. Welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň tagallalary bilen guralan çärede sungat ussatlarynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň milli tanslar bilen bezäp, ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary şöhratly taryhymyza zer harplar bilen ýazylan “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilen belent sepgitleriň waspy bolup ýaňlandy.

Baýramçylyk şatlygyny has-da belende göterýän guwandyryjy üstünlikleriň uly joşgun bilen waspy ýetirilen baýramçylyk konsertiniň çuňňur mazmunynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçjek Täze ýylyň ynsanperwerlige, dost-doganlyk gatnaşyklaryna daýanýan döwletli maksat-tutumlarynyň, ýylyň taryhy wakasyna öwrüljek ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň möhüm ähmiýeti hem mynasyp beýanyny tapdy.

Habarlar