loading

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Kesbi-kärim — nesillere görelde» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry welaýat döwlet drama teatrynda geçirildi.

Bäsleşigiň maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýan, maşgala mukaddesligine hormat goýýan, nepis haly-palaslary dokamakda ene-mamalarymyzyň ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, gadymy nusgalara täze öwüşgin çaýýan çeper elli gelin-gyzlarymyzyň el hünärini ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirişlerini we ýaş gyzlarda el işlerine bolan höwesi döretmegi wagyz etmekden ybarat boldy.

Habarlar