loading

Balkanabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbine özboluşly gözellik çaýýan welaýat kitaphanasynda baky berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk senesi mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de «Balkan» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany, dünýä dolýar bagtyýarlyk mukamy» ady bilen welaýatyň ýazyjy-şahyrlarynyň, höwesjeň awtorlaryň arasynda yglan eden makalalaryň, oçerkleriň, hekaýalaryň we goşgularyň bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Bu ýerde bäsleşige gatnaşan awtorlar hem-de TDP-niň işjeň agzalary halkymyzyň hemişelik gymmatlygy bolan baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk senesi, şeýle hem TDP-niň döredilen güni bilen gyzgyn gutlanylyp, olara işde we durmuşda uly üstünlikler arzuw edildi.

Habarlar