loading

Ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilen Halkara zenanlar güni Gunça Nuryýewa goşa şatlyk getirdi. Ol hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Mähriban enä täze öýüň açarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy bütin maşgalanyň şatlygyna şatlyk goşdy. Täze öýde bereketli saçagyň başynda jem bolan bagtyýar maşgala edýän atalyk aladasy üçin hormatly Prezidentimize alkyş we hoşallyk sözlerini aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny dileg edýär.

Habarlar