loading

Welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda bilelikde yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda tapawutlanan zehinli gyzjagazlar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik işleri, ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty şirin owazly aýdym-sazlarda wasp etdiler. Şeýle-de şahyrana sözlerde geýnen milli lybaslarynyň, dakynan şaý-sepleriniň waspyny ýetirdiler, ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerini ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, Hazar şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Kamila Perfilýewa, Serdar etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Merýem Täçmyradowa ýeňiji diýlip yglan edildiler we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Habarlar