loading

Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda beýan edilen ýaş ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň, milli el işleri we senetçilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda sergi we döredijilik bäsleşiklerini, festiwallaryny gurnap, täze zehinleri ýüze çykarmak şeýle hem, türkmeniň milli saz guraly dutar saz guralynyň ýasalyş usullaryny, tärlerini, bu ugurdaky halk tejribesini öwrenmekden, dutarda dürli ýerine ýetirijilik ugurlaryny, däplerini ösdürmekden halk arasynda ussat sazandalaryň, bagşylaryň we senetkärleriň baý tejribesini özünde jemleýän ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, halkymyzyň gadymy saz guraly bolan dutarda ýerine ýetirilýän halk aýdym-sazlarynyň wideo-audio ýazgylaryny we fotosuratlaryny toplamakdan, halkymyzyň baý mirasyny wagyz etmekden, dutar ussalarynyň hünär ussalygyny, döredijilik ukybyny kämilleşdirmek maksady bilen Balkan  welaýat medeniýet müdirliginiň, TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi bilen bilelikde tassyklaşan duzgünnamasy esasynda  “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda sazçalmak we bagşyçylyk sungaty” ady  bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň  her ugry boýunça eminler topary tarapyndan ýeňiji yglan edilip Balkan welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan hormat hatlary we TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlary  bilen  sylaglandyryldy.

Habarlar