loading

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň jogapkär işgärleri welaýat kitaphanasynda geçirilen wideoşekilli maslahata gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» tassyklamak hakynda Kararyndan ugur alnyp, TMÝG-niň Merkezi Geňeşi bilen welaýatlaryň geňeşleriniň arasynda guralan sanly ulgam arkaly wideoşekilli maslahatda kämil tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaşlary ýüze çykarmak, zehinli, ukyp-başarnykly nesilleri höweslendirmek maksady bilen geçirilýän çäreleriň ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi.

Milli Liderimiziň bildirýän talaplaryndan, Maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň geljekde has netijeli zähmet çekjekdikleri nygtaldy. Ýaşlara uly ynam bildirýän, olaryň ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşmagy üçin ähli şertleri döredýän mähriban Arkadagymyza ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.

Habarlar