loading

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Mahym Geldiýewa aýdym aýtmaga kiçiliginden, has dogrusy, çagalar bagyna gatnaýan döwründen başlaýar.

Ol 2009-njy ýylda «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi bolýar. Hazar şäheriniň çagalar sungat mekdebinde okap ýören döwründe bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolmagy başarýar.

2018-nji, 2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine gatnaşmagy Mahymyň zehinli aýdymçy hökmünde il arasynda tanalmagyna getirýär.

Ol «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyna bagyşlanyp «Rowaçlyk aýdymy» ady bilen ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda paýtagtymyzda geçirilen bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp bolýar. Meniň aýdymçy bolup ýetişmegimde ilkinji halypam ejemiň yhlasy örän uludyr. Ilkinji diňleýjimem, maslahatçymam mähriban käbäm. Halypa mugallymlardanam aýdym-sazyň inçe tilsimlerini öwrenýärin.

Aýdym — meniň durmuşymyň bezegi. Täze-täze aýdymlary döredip, olaram halk köpçüligine ýaýrasa, meniň üçin şondan uly bagt ýok — diýip, Mahym Geldiýewa gürrüň berýär.

Habarlar