loading

Balkanabat şäherindäki 42-nji çagalar bakja-bagynda Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň aşpezleriniň arasynda «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşan aşpezler «Eli süýji aşpez men» diýen şertinde özleri bilen tanyşdyryp, ýurdumyzy çeper sözde wasp etdiler. Ter gök önümlerden işdäaçar taýýarlamakda, miweleri owadan görnüşde mejimä ýerleşdirmekde ussatlyklaryny görkezdiler. «Işdäňiz açyk bolsun!» atly şertinde «Türkmeniň bereketli saçagy» atly kitapdan tagam taýýarladylar. Netijede, 42-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi Ogulsona Gardyýewa baş baýraga mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 

Habarlar