loading

Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda guralan aýdym-sazly dabara mährem eneleriň, gelin-gyzlaryň şatlygyny artdyrdy. Bu ýerde olara Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýramçylyk dabarasynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň, çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Welaýatdaky mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde hem-de beýleki okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda, umuman, ähli ulgamlarda baýramçylyk mynasybetli guralýan dabaralarda hormatly Prezidentimiziň pul  sowgatlaryny guwanç hem buýsanç duýgulary bilen ýüzlerine sylýan, çagalar baglarynda terbiýelenýän bagtyýar gyzjagazlar, okuwçy hem talyp gyz-gelinler, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan gelin-gyzlar, mährem eneler özleri hakda edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Habarlar