loading

Hormatly Prezidentimiz 14-nji iýulda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulyş hem-de  Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Şu şanly wakalar mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binasynda hoşallyk maslahaty geçirilip, ol egsilmez buýsanja hem-de şatlyk-şowhuna beslendi. Maslahatda milli Liderimiziň täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmagynyň hem-de Balkanabadyň keşbine gaýtalanmajak gözellik goşan «Türkmeniň ak öýi» binasyny dabaraly ýagdaýda açyp bermeginiň kalplardaky buýsanja buýsanç, şatlyga şatlyk goşan taryhy wakalar bolandygyny nygtalyp, döwlet Baştutanymyza egsilmejek hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine täze «Tiz kömek» awtoulaglaryny sowgat bermeginiň ýaş nesliň saglygyny goramaklygyň döwlet syýasatynda esasy orna eýedigini nobatdaky gezek görkezendigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň ak öýi» binasynda işlejek döredijilik toparlary üçin niýetlenilen täze awtobusy sowgat bermeginiň bolsa, medeniýet we sungat işgärleri üçin edilýän aladanyň aýdyň nyşany bolandygyny buýsanç bilen nygtaldy. Maslahatdan soň welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandy. Olaryň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan çykyşlary Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň waspy bolup ýaňlandy.

Habarlar