loading

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanan ekologiýa çäreleri welaýatymyzda hem giň gerime eýe bolýar. Muňa Awazada hem-de Balkanabat şäherinde geçirilen köpçülikleýin çäreleriň mysalynda bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek boldy. Ir säher bilen badalga berlen welosipedli ýörişler dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlaryň pyýada gezelençleri bilen utgaşyp, köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Döwlet, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriniň diýseň köpdügine garamazdan, bedenterbiýe we sport, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanmak üçin yzygiderli wagt tapýan milli Liderimiziň nusgalyk göreldesine eýeren ildeşlerimiz birnäçe kilometre uzan ýörişi ruhubelentlige beslediler. Ekologiýa çäreleriniň çäklerinde Hazar deňziniň gözel kenarynda geçirilen aýdym-sazly dabara hem bagtyýar durmuşymyzyň dowamat-dowamdygynyň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Joşguna beslenen çärede edilen çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby baradaky söhbede giň orun berildi. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenaryny şatlyk-şowhuna beslän dabarada aýdym-sazlardyr gazallar belentden ýaňlanyp, olarda Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň, bagtyýarlyk döwrümiziň, Awazanyň, sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň waspy ýetirildi.

Habarlar