loading

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygy komitetiniň, zenanlar guramasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Altyn bilekli nebitçi zenanlar» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi, maşgala abadançylygy, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi barada uly aladalar edilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň etdiler.  Zenanlara hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Ýerli şahyrlar eneleri, gelin-gyzlary wasp edýän goşgularyny okadylar. Nebitçileriň medeniýet köşgüniň sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.

Habarlar