loading

Hazar deňziniň türkmen bölegine gyşlamaga gelýän çarlaklaryň biri-de ak çarlakdyr. Ak çarlak gargadan ulurakdyr. Gülegen çarlaga çalymdaş bolsa-da, ondan mese-mälim kiçidir. Ak çarlaklar topar bolup ýaşaýarlar. Çägeli burunlarda, adalarda, dag gaýalarynda we agaçlarda seýregräk höwürtge gurýarlar. Guşlaryň horazlary hem mäkiýanlary kürk bolup oturýarlar we jüýjelerini bilelikde iýmitlendirýärler. Jüýjeleri ýumurtgadan daşy penalaýjy reňkli sütük ýelekli çykýarlar, olar daşy gurandan soň, howp abananda, ylgap gaçýarlar. Ak çarlak—uçup geçýän we gyşlaýan guş. Ýazyna fewral-martda uçup geçýär we uçup gidýär, güýzüne sentýabryň soňunda-noýabrda uçup geçýär, gyşlaýanlary dekabryň başynda uçup gelýär. Dürli suw oňurgasyzlary, mör-möjekler, maýda oňurgalylar, ukudaky balyklar, köpçülikleýin tutulan balyklaryň galyndylary bilen iýmitlenýärler.

Habarlar