loading

Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Balkan atçylyk sport toplumynda welaýat häkimliginiň we welaýat medeniýet müdirliginiň birleşen tagallasy bilen «Bedew atym-buýsanjym, Alabaýym-guwanjym» atly hepdeligiň çäklerinde geçirilen aýdym-sazly dabaraly çäre «Adyňyz arşa galdy Arkadag bilen» diýlip atlandyryldy. Çärede edilen çykyşlarda, ýerli şahyrlaryň okan goşgularynda, sungat ussatlarynyň şirin owazly aýdym-sazlarynda, welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň aýdym-sazly kompozisiýalarynda behişdi bedewlerimiziň, gaýduwsyz alabaýymyzyň waspy ýetirildi. Soňra amaly-haşam, el işleriniň, suratkeşleriň çeken suratlarynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň sergilerine syn edildi.

Habarlar